Gizlinlik syýasaty

Täzelenen: 2026-11-06

Haýsy maglumatlary saklaýarys

Telefon belgisi (girmek we alyjylar bilen habarlaşmak üçin), bildirişleriňiz we suratlaryňyz, çatdaky hatlar, halanlaryňyz we gözlegleriňiz, sargytlar (kart maglumatlary bizde saklanmaýar).

Selos kömekçisine berlen soraglar ony türkmençe öwretmek üçin öz serwerlerimizde saklanýar; olardan telefon belgileri we e-poçta pozulýar. Face ID ýa-da barmak yzy bilen girmek üçin diňe enjamyň açyk açaryny saklaýarys — ýüzüňiz ýa-da barmak yzyňyz telefonyňyzdan çykmaýar.

Surat ýüklenende onuň meta-maglumatlary, şol sanda ýerleşýän ýeri pozulýar. Jaýyň kartadaky belgisi alyjylara diňe takmynan ýer (~300 m) hökmünde görkezilýär.

Cookie

Diňe hasaba girmek üçin bir tehniki cookie ulanýarys. Mahabat we yzarlaýjy cookie ýok. Statistika cookie-siz we IP salgysyz ýygnalýar.

Maglumatlar kime berilýär

Telegram ýa-da SMS üpjünçisi — giriş koduny ibermek üçin telefon belgisi.

Stripe — kart bilen tölänyňyzda. OpenStreetMap — kartany ýüklemek (IP salgyňyz). NHTSA — «VIN boýunça doldur» basanyňyzda VIN.

Maglumatlaryňyzy satmaýarys.

Nirede saklanýar

Germaniýadaky (ÝB) Hetzner serwerlerinde. Ätiýaçlyk nusgalary 14 gün saklanýar.

Möhletler

Biziň taýýarlan garalamalarymyz tassyklanmasa 14 günden pozulýar. Habarlary ýatyranyňyzdan soň size ýazmarys.

Hukuklaryňyz

«Meniň otagym» sahypasynda bildirişleri we tutuş hasaby pozup bilersiňiz. Hasap pozulanda bildirişleriňiz, halanlaryňyz, gözlegleriňiz we habarlaryňyz aýrylýar.

Maglumatlar barada soraglar: maslahat@tapdym.com.

Gizlinlik syýasaty · Tapdym